Turkmenportal logo
Şu gün 00:01
77057705
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa döwlet saparynyň parlamentara we döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjakdygy bellenildi.

Bellenilişi ýaly, parlamentara gatnaşyk türkmen-koreý köpugurly gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara ynamy we düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri hökmünde parlamentara gatnaşyklarynyň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutany parlamentara gatnaşyklary berkitmekde Türkmen-koreý parlamentara dostluk toparynyň işini aýratyn belläp, 2015-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň parlamentara dostluk toparlarynyň yzygiderli esasda hyzmatdaşlyk edýändiklerini, olaryň işiniň döwletara hyzmatdaşlygynyň işini ösdürmäge goşant goşýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy däp bolan dostlukly türkmen-koreý gatnaşyklarynyň iki ýurduň we olaryň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.