Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) indiki sammitiniň 29-30-njy oktýabrda Ankarada geçiriljekdigini mälim etdi, diýip «Interfaks» habar berýär.
«29-njy oktýabrda Ankarada TDG-niň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisini, 30-njy oktýabrda bolsa guramanyň 13-nji sammitini geçireris» diýip, Fidan sişenbe güni Bakuwda geçirilen metbugat ýygnanyşygynda belledi.
TDG-niň agzalaryna Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkiýe girýär. Wengriya hem-de Türkmenistan synçy derejesine eýedir. Guramanyň ştab-kwartirasy Stambul şäherinde ýerleşýär.