2027/28-nji futbol möwsümde UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň final duşuşygy Mýunhen şäherinde geçiriler. Degişli karar Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň (UEFA) Ýerine ýetiriji komitetiniň Salonikide geçirilen mejlisinde kabul edildi.
UEFA-nyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, duşuşyk 2028-nji ýylyň 27-nji maýynda «Arena Mýunhen» stadionynda geçiriler.
Şeýle hem UEFA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti 2029-njy ýylda Çempionlar ligasynyň final duşuşygyny geçirmek hukugyny Barselonanyň şäherine berdi. Final duşuşygy 2029-njy ýylyň 2-nji iýunynda «Kamp Nou» stadionynda geçiriler.
2028-nji ýylda Ýewropa ligasynyň finaly Buharestde, 2029-njy ýylda bolsa Belgradda geçiriler. Konferensiýa ligasynyň 2028-nji ýyldaky final duşuşygy Turin şäherinde, 2029-njy ýyldaky finaly bolsa Budapeştde geçiriler.