Turkmenportal logo
Düýn 18:16
56655665
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Astana 2028-nji ýylda UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky duşuşygy kabul eder

2028-nji ýylda UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky duşuşyk Gazagystanyň paýtagty Astana şäherindäki «Astana Arena» stadionynda geçiriler. Bu barada Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň (UEFA) resmi saýty habar berýär. Degişli karar UEFA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisinde kabul edildi.

2027-nji ýylda UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky duşuşyk Amsterdamdaky Ýohan Kruýff adyndaky stadionda geçiriler.

UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň final duşuşyklaryny 2028-nji ýylda Buharestiň Milli stadiony, 2029-njy ýylda bolsa Belgrad şäheriniň Serbiýanyň Milli stadiony kabul eder.

Zenanlaryň Çempionlar ligasynyň final duşuşyklary 2028-nji ýylda Lion-Desendäki «Park Olimpik» stadionynda, 2029-njy ýylda bolsa Kardiffdäki Uelsiň Milli stadionynda geçiriler.

Konferensiýa ligasynyň final duşuşyklaryny 2028-nji ýylda Turin şäherindäki «Ýuwentus» stadiony, 2029-njy ýylda bolsa Budapeştdäki «Puşkaş Arena» kabul eder. UEFA-nyň futzal boýunça Ýewropa çempionatynyň 2027-nji ýyldaky final tapgyry Şweýsariýada geçiriler.