Turkmenportal logo
15.09.2026
1073510735
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň diplomatlary Yslamabatda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Pakistana täze bellenen ilçisi Irfan Dawudowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşyk türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Taraplar özara hormata we iki halkyň arasyndaky ýakyn doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtadylar.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň dost we doganlyk döwletler hökmünde özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigi bellenildi.

Özara ynamy has-da berkitmäge, amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şeýle hem iki ýurduň we halklaryň umumy bähbitlerine hem-de abadançylygyna hyzmat edýän başlangyçlary öňe ilerletmäge aýratyn üns berildi.