Turkmenportal logo
Düýn 17:15
54095409
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Keniýa taryhda ilkinji gezek ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

Keniýa ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul etjek ilkinji Afrika ýurdy bolar. Ýaryş 2029-njy ýylda geçiriler. Ýaryşyň ýurduň paýtagty Naýrobi şäherindäki 48 müň tomaşaçy üçin niýetlenen «Kasarani» stadionynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Ýaryşy geçirmek hukugy ugrunda Naýrobiden başga-da London we Rim şäherleri bäsleşdi. Emma olar bu hukuk ugrundaky göreşde Keniýadan ýeňildiler. Şol bir wagtyň özünde, 2031-nji ýyldaky dünýä çempionatyny geçirmek hukugy Germaniýanyň Mýunhen şäherine berildi.

Keniýanyň saýlawdaky esasy artykmaçlyklarynyň biri ýurduň ýeňil atletikadaky baý däpleri boldy. Gündogar Afrika döwleti dünýä çempionatlarynda 72 medal, Olimpiýa oýunlarynda bolsa 38 altyn medal gazandy. Bu üstünlikleriň aglabasy orta we uzak aralyga ylgamakda gazanyldy. Bu görkeziji boýunça Keniýa dünýä çempionatlarynyň taryhynda ikinji orunda durýar. Naýrobiniň dalaşgärligini öňe sürmek işine marafonda iki gezek Olimpiýa çempiony bolan Eliud Kipçoge hem gatnaşdy. Ol 2003-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynda 5000 metr aralyga ylgamakda hem ýeňiş gazanypdy.

«World Athletics» guramasynyň prezidenti Sebastian Kou Keniýanyň dalaşgärligini ynandyryjy hem-de täsirli diýip häsiýetlendirdi. Onuň sözlerine görä, ýeňil atletika Keniýadaky esasy sport görnüşleriniň biri bolmak bilen birlikde, ýurduň medeniýetiniň hem aýrylmaz bölegidir. Kou Afrika yklymynda dünýä çempionatyny geçirmek üçin mynasyp dalaşgäre garaşmagyň möhümdigini belläp, Naýrobiniň şol pursatyň gelendigini subut edendigini aýtdy.

Naýrobiniň saýlanmagy Afrika yklymy üçin taryhy waka boldy. Sebäbi uly ýaşly türgenleriň arasynda ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty ozal hiç wagt Afrikada geçirilmändi. Muňa garamazdan, bu yklym sport dünýäsine dünýä derejesindäki köp sanly meşhur türgenleri beripdi.

Keniýanyň dalaşgärlik arzasynyň ýene bir möhüm bölegi iri ýeňil atletika ýaryşlaryny geçirmek boýunça toplanan tejribe boldy. 2017-nji ýylda Naýrobide 18 ýaşa çenli türgenleriň arasynda dünýä çempionaty, 2021-nji ýylda 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda dünýä çempionaty geçirildi. 2007-nji ýylda bolsa Mombasada kross boýunça dünýä çempionaty guralypdy.

Mundan öň Keniýa 2025-nji ýyldaky dünýä çempionatyny geçirmek üçin hem dalaşgär bolupdy, emma şonda ol Tokio şäherinden ýeňilipdi. Munuň sebäpleriniň biri hökmünde ýurduň infrastrukturasynyň ýeterlik derejede ösen däldigi görkezilipdi.

Bu gezek Keniýa sport desgalarynyň durkunyň täzelenendigini öz taýýarlygynyň subutnamasy hökmünde görkezdi.

Keniýa indiki ýyl Tanzaniýa we Uganda bilen bilelikde geçirjek Afrikanyň Milletler kubogy futbol ýaryşynyň öňüsyrasynda stadionlarynyň durkuny täzelär. «Kasarani» stadiony hem hut şu ýaryşa taýýarlygyň çäklerinde giň gerimli gurluşyk we durkuny täzeleme işlerinden geçirilýär.