14 — 17-nji sentýabr aralygynda «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň professory sanly ulgam arkaly Nebit we gaz fakultetiniň talyplary we ýaş mugallymlary üçin «Deňiz desgalarynyň giňişleýin seljermesi we taslamalaşdyrylmagy» atly tema boýunça onlaýn okuw sapagyny geçirilýär. Sapakda häzirki döwürde ulanylýan innowasion tehnologiýalar we täze usullar barada gyzykly maglumatlar berilýär.
Sapaklara gatnaşýanlara Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň ýörite sertifikatlary gowşurylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Hyzmatdaşlyk hakynda baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde 2026-2027-nji okuw ýylyň dowamynda Tehnologiýa uniwersitetiniň birnäçe professorlarynyň sanly ulgam arkaly şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebine gelip okuw sapaklaryny geçirmekleri meýilleşdirilendir.
Sapaklar nebitgaz pudagyna, emeli aňy ornaşdyrmak, himiýa we gaýtadan işlemek temalaryna degişli bolup, bu ugurda ulanylýan häzirki zaman innowasiýa tehnologiýalary we olary ornaşdyrmagyň usullary barada talyplara we ýaş mugallymlara sapak berilýär.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we kompaniýanyň Tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda ylym-bilim ulgamynda birnäçe ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk dowam edýär.