XX tomusky Aziýa oýunlarynyň resmi saýtynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň 2026-njy ýylyň 19-njy sentýabryndan 4-nji oktýabryna çenli Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde we Aýçi prefekturasynda geçiriljek ýaryşlara gatnaşjak düzümi yglan edildi. Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine 34 türgen — 25 erkek we 9 zenan türgen girýär — diýip, «Turkmenportal» habar berýär.
Uşu boýunça türgen Muhammet Jumamyradow Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň baýdak göterijisi hökmünde çykyş eder.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň doly düzümi:
Göreş: Zyýamuhammet Saparow, Azatjan Açylow, Aslan Agadadaýew, Amanberdi Agamämmedow, Alp Arslan Begenjow, Şatlyk Hemelýaýew.
Uşu: Muhammet Jumamyradow, Bibimerýem Akmuhammedowa, Baýrammyrat Annamyradow, Merjen Joraýewa, Hezret Öwezgeldiýew.
Boks: Döwlet Muhanow, Baýramdurdy Nurmuhammedow, Daniýar Rozmetow, Abdyrahman Yklymow, Döwlet Yslamow.
Ýüzmek: Dawid Akopýan, Waleriýa Mirenskaýa, Alan Muhin.
Agyr atletika: Anamjan Rustamowa, Ogulşat Amanowa, Şahzadbek Matýakubow, Bektimur Reýimow.
Kuraş: Ahmet Çaryýew, Nurana Hezretowa, Humaý Jumadurdyýewa, Sabina Kadyrowa, Hydyr Muhammedow, Ylýas Muhammedow.
Ýeňil atletika: Enejan Esedowa, Lukman Gurbandurdyýew, Walentina Meredowa (tälimçi).
Karate: Raýan Gurbanmyradow, Daýanç Keletliýew, Dawut Nazmyradow.
2026-njy ýyldaky Aziýa oýunlary Ýaponiýada geçiriljek üçünji tomusky Aziýa oýunlary bolar. Ýaponiýa ozal 1958-nji ýylda Tokio şäherinde we 1994-nji ýylda Hirosima şäherinde bu iri sport ýaryşyny kabul edipdi. Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy 19-njy sentýabrda «Nagoya City Mizuho Park Athletic Stadium» stadionynda geçiriler. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 45 agza döwletiniň ählisinden türgenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar sportuň 41 görnüşi boýunça medallar ugrunda bäsleşerler.