2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň, şeýle hem türkmen-koreý işewürler forumynyň çäklerinde Seul şäherinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň ilkinji bilelikdäki kärhanasy bolan «Ýerli Tor» kärhanasyny döretmek baradaky Ylalaşyga gol çekildi.

Bilelikdäki kärhanany döretmek baradaky ylalaşyk Türkmenistanyň öňdebaryjy IT kompaniýalarynyň biri bolan «Amatly çözgüt» bilen Koreýanyň «S&T System Inc.» kompaniýasynyň arasynda gazanyldy.
«Ýerli Tor» kärhanasynyň esasy wezipesi Türkmenistanda döwrebap serwerleriň, maglumatlary saklaýyş ulgamlarynyň we tor enjamlarynyň önümçiligini ýola goýmak üçin öz önümçilik binýadyny döretmekden ybarat bolar. Koreýa tarapy tehnologiýalary, tehniki çözgütleri we önümçilik tejribesini hödürlär, türkmen tarapy bolsa önümçiligi guramagy, zerur infrastruktura binýadyny döretmegi hem-de önümleri içerki bazaryň talaplaryna laýyk getirmegi üpjün eder.

Kärhana enjamlary gurnamak, sazlamak we synagdan geçirmek, olary programma üpjünçiligi bilen utgaşdyrmak, hiline gözegçilik etmek, şeýle hem kepillik we kepillikden soňky tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen hem meşgullanar. Geljekde önümçilikde ýerli önümçiligiň paýyny ýokarlandyrmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we türkmen hünärmenlerini taýýarlamak göz öňünde tutulýar.
Taslamanyň strategik maksady döwlet edaralaryny, iri kärhanalary, maglumatlary gaýtadan işleýän merkezleri we beýleki möhüm infrastruktura desgalaryny gönüden-göni Türkmenistanda öndürilýän döwrebap hem-de ygtybarly IT enjamlary bilen üpjün etmekden ybaratdyr.
Işewürler forumynyň çäklerinde «Ojаr Aziýa» hususy kärhanasy bilen «S&T System Inc.» kompaniýasynyň arasynda ýol infrastrukturasyny, howpsuzlyk ulgamlaryny we ulag infrastrukturasyny dolandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem gol çekildi.
«Ýerli Tor» kärhanasynyň döredilmegi we Ähtnamanyň gol çekilmegi türkmen-koreý işewürlik hyzmatdaşlygynyň amaly netijeleri boldy. Bu başlangyç ýokary tehnologiýaly önümçiligi ýerli derejede ýola goýmak, döwrebap çözgütleri ornaşdyrmak we iki ýurduň kompaniýalarynyň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.