Şu gün, 15-nji sentýabrda Türkmenistanyň «Arkadag» futbol topary AFK-2 Çempionlar ligasynyň ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryndaky ilkinji duşuşygyny Bahreýniň «Al-Muharrak» toparyna garşy geçirer. Duşuşyk 10 müň tomaşaçy üçin niýetlenen «Arkadag» stadionynda geçiriler. Oýun Aşgabat wagty bilen 18:45-de başlanar.
Duşuşyga onlaýn görnüşde nireden tomaşa etmeli?
Duşuşygyň göni ýaýlymyna «Belet» platformasy arkaly tomaşa edip bolar. Şeýle hem oýnuň göni ýaýlymy AFK-nyň YouTube kanalynda elýeterli bolar.
Eminler topary
Duşuşyga Şri-Lankadan gelen eminler topary hyzmat eder. Oýnuň baş emini hökmünde Niwon Robeş bellenildi. Oňa kömekçi eminler hökmünde Palita Hemathunga (birinji kömekçi emin) we Buddhika Dias (ikinji kömekçi emin) kömek ederler. Duşuşygyň dördünji emini wezipesini bolsa Mohamed Jafran ýerine ýetirer.