Turkmenportal logo
15.09.2026
66816681
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaýda pterozawrlara bagyşlanan dünýäde ilkinji muzeý açyldy
Surat: Surat: Surat: russian.news.cn

Geçen ýekşenbede Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinzýan-Uýgur awtonom etrabynda dinozawrlaryň ýakyn urugdaşy bolan, ganatly süýrenijiler pterozawrlara bagyşlanan muzeý açyldy. Ol dünýäde ilkinji şeýle muzeýdir diýip, «Sinhua» agentligi habar berdi. Muzeý uçýan arhozawrlaryň toparyndan pterozawrlaryň daşa dönen galyndylaryny öwrenijiler üçin «jennet» hökmünde belli bolan Hamiý milli seýilgähinde ýerleşýär.

Muzeýiň 4600 inedördüli metr töweregi sergi jaýy bolup, küşt tertibinde ýerleşdirilen alty sany tegelek zaldan ybaratdyr. Bina guşuçar belentlikden çöldäki pterozawrlaryň höwürtgesindäki ýumurtgalary ýatladýar.