Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamow 9-njy sentýabrda Yslamabat şäherindäki Lok Wirsa Halk mirasy muzeýinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk günlerine bagyşlanan dabaralara gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, çäräniň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň we Russiýa Federasiýasynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary ýygnananlary milli baýramçylyklar bilen gutladylar. Olar öz çykyşlarynda halklaryň arasynda dostlugy, özara hormaty we düşünişmegi pugtalandyrmakda medeni diplomatiýanyň hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini nygtadylar.
Konsert maksatnamasynda milli lybasly pakistanly sungat işgärleriniň Merkezi Aziýa halklarynyň we Azerbaýjanyň däp bolan tanslaryny hem-de saz eserlerini ýerine ýetirmegi aýratyn orun eýeledi. Medeni çykyşlaryň hatarynda Türkmenistanyň milli medeni mirasynyň baýlygyny we özboluşlylygyny şöhlelendirýän «Küştdepdi» tansy hem ýerine ýetirildi.

Çäre Ýewraziýa halklarynyň dostluk forumy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçihanalary tarapyndan, Pakistanyň Milli halk we däp-dessur mirasy institutynyň ýardam bermeginde bilelikde guraldy.