Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Hindi diliniň güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Agşamyň myhmanlaryna resmi maksatnama, aýdym-saz we tans çykyşlary, şeýle hem hindi milli aşhanasynyň tagamlaryndan taýýarlanan dürli nygmatlar hödürlenildi.
Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Bandaru Wilsonbabunyň belleýşi ýaly, Hindi diliniň güni her ýyl 14-nji sentýabrda bellenip geçilýär. Bu sene 1949-njy ýylda hindi diliniň Hindistanyň resmi dili hökmünde kabul edilmeginiň hatyrasyna bellenilýär.

«600 milliondan gowrak adamyň gepleşýän hindi dili dünýäde iň giň ýaýran dilleriň arasynda üçünji orunda durýar. Hindi dili diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolman, eýsem «Hindistanyň ruhuny» we onuň baý medeniýetini aýdyň beýan edýän möhüm serişdedir» — diýip, ilçi çykyşynda nygtady.
Diplomatyň sözlerine görä, Hindistanyň beýleki dilleri bilen garyndaş bolan hindi dili ýurtda dürli ýerli dillerde gepleýänleriň arasynda tebigy birleşdiriji halka bolup hyzmat edýär. Ol hindi diliniň ýönekeýligi, tebigylygy we baý edebi däpleri bilen tapawutlanýandygyny, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlarynda, aýratyn-da hindi diasporasynyň köp sanly ýaşaýan döwletlerinde barha giňden ýaýraýandygyny belledi.
Wilsonbabu Aşgabatdaky Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 40-dan gowrak talybyň hindi dilini öwrenýändigini kanagatlanma bilen nygtady. Olaryň käbirleri soňky ýyllarda Agra şäherindäki Kendriýa Hindi Sansthan institutynda dil taýýarlygyny geçdiler. Ilçiniň sözlerine görä, ilçihana Türkmenistanda hindi diliniň öwrenilmegi bilen bagly meselelerde Türkmenistanyň hökümeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi dowam etdirer.
«Hindistan uzak ýyllardan bäri dost we «giňeldilen goňşulyk» çägindäki ösüp barýan ýurtlaryň biri hökmünde Türkmenistanyň zerurlyklaryny we ileri tutulýan ugurlaryny nazara alyp, ösüş ulgamyndaky öz tejribesini paýlaşmagyny dowam etdirer» — diýip, ilçi nygtady. Ol iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ynam bildirdi.

Çärede çykyş eden Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa halkara gatnaşyklarynyň täze binagärliginiň kemala gelýän şertlerinde özara hormatyň, ynamyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we konstruktiw dialogyň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, hut şu ýörelgeler Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy bolup hyzmat edýär.
«Döwletlerimiziň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli pugtalandyryljakdygyna, köpugurly hyzmatdaşlygyň bolsa täze many-mazmunly ugurlar bilen baýlaşjakdygyna ynanýaryn» — diýip, ministriň orunbasary aýtdy. Ol hindi halkyna parahatçylyk, durnuklylyk, abadançylyk we mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdi.
Bäşimowa Hindistanyň baý taryhy we medeni mirasa, beýik ruhy hem-de aň-paýhas däplerine eýedigini, häzirki döwürde bolsa möhüm ykdysady, ylmy-tehnologik we adam kuwwatyna eýe bolan depginli ösýän döwletleriň biridigini hem belledi.

«Biziň döwletlerimizi özara ynama, deňhukuklylyga we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan ymtylyşa esaslanýan, däp bolan dostlukly we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine daýanýan gatnaşyklar baglanyşdyrýar» — diýip, ministriň orunbasary aýtdy we iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmakda medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm ornuna aýratyn ünsi çekdi.