Turkmenportal logo
14.09.2026
1014110141
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäginde alnyp barylýan işler, şeýle hem döwrebaplaşdyrylýan daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge niýetlenilen mekdebiň, çagalar bagynyň, sport toplumynyň gurluşyk hem-de içki bezeg işleriniň  şekil taslamalary bilen tanyşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işler batly depginlerde dowam edýär. Bu ýerde dürli maksatly desgalaryň, gurluşyk işleri sazlaşykly alnyp barylýar. Bu bolsa kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini görkezýär. Gahryman Arkadag bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlady. Gurluşyk işleri we onda ulanylýan bezeg hem-de gurluşyk serişdeleri berklik, amatlylyk babatda ýokary hil derejesine laýyk gelmelidigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri gurluşyk işleriniň her bir tapgyrynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi.