Turkmenportal logo
14.09.2026
1268612686
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna bardy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen, şeýle-de «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkini sammitine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasyna ugrady.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentini Aşgabadyň Halkara howa menzilinden ýurduň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe sagatdan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Seul şäheriniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş howa menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanyny Koreýa Respublikasynyň hem-de ýurduň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.