«Belet» platformasynda meşhur «Güjükler patruly: Dino-film» (PAW Patrol: The Dino Movie) üçünji doly metražly animasiýa filmi elýeterli boldy. Film hyzmatda türk dilindäki dublaž bilen ýerleşdirildi.
«Güjükler patruly: Dino-film» 2023-nji ýylda çykan «Güjükler patruly: Mega-güjükler» filminiň dowamydyr. Filmiň režissýory Kal Brunker bolup, ol Bob Barlen bilen bilelikde ssenariýanyň awtorlarynyň biri hökmünde hem çykyş etdi. Filmiň dünýä premýerasy awgust aýynyň başynda Los-Anjelesde geçirildi. Şondan soň multfilm Kanadada we beýleki ýurtlarda giň prokata çykaryldy.
Filmiň wakalaryna görä, halas ediji güjükler güýçli tupandan soň, dinozawrlar ýaşaýan näbelli tropiki adada galýarlar. Şol ýerde olar adada köp wagtdan bäri ýaşaýan we taryhdan öňki jandarlara degişli ähli zatlar boýunça hünärmen bolan Reks atly güjük bilen tanyşýarlar. Toparyň öňden bäri garşydaşy bolan häkim Hamdinger adada tebigy baýlyklary çykaryp başlamagy bilen, bu hereket ukuda ýatan wulkanyň oýanmagyna sebäp bolýar. Netijede, patrul toparynyň öň görlüp-eşidilmedik möçberdäki halas ediş işlerini geçirmegine zerurlyk döreýär.
Filmiň iňlis dilindäki görnüşiniň gahrymanlaryna ses berenleriň arasynda Makkenna Greýs, Terri Krýus, Jennifer Hadson, Jamila Jamil, Peris Hilton we Snup Dogg bar. Filmi «Spin Master Entertainment» kompaniýasy öndürdi, dünýä prokatyny bolsa «Paramount Pictures» amala aşyrýar.
Indi filmiň türk dilindäki seslendirmesi «Belet» platformasynyň ulanyjylary üçin hem elýeterlidir. «Belet» platformasy tomaşaçylara dürli dillerde kinolary we seriallaryny hödürleýän hyzmatdyr.