Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýäniň we Hindistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bugdaý ununy, buýan köküniň ekstraktyny satyn aldylar.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 328 million 843 müň manatdan gowrak bolan glisirrizin turşulygyny, buýan köküniň ekstraktyny, nah ýüplügi, çig ýüpegi, pagta süýümini, pagta soapstogynyň çig ýagly turşulyklaryny, pagta galyndylaryny, çüýşe gabyny satyn aldylar.