«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 11-12 sentýabrda BMG-niň Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny (UN SPAS) durmuşa geçirmegiň mehanizmlerini işläp taýýarlamak we anyklamak boýunça ikinji sebitara konsultatiw duşuşyk we suw diplomatiýasy boýunça sebitara seminar geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Duşuşyga Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň, Araly halas etmegiň halkara fondunyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BÖM), BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (UNRCCA), Halkara suw hojalyk utgaşdyryjy komitetiniň Ylym-barlag maglumat merkeziniň (SIC ICWC), Merkezi Aziýa üçin sebit ekologiýa merkeziniň (CAREC), Suw resurslaryny dolandyrmak halkara institutynyň (IWMI), ÝUNESKO-nyň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) we beýleki halkara hem-de sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň möhüm bir bölegi BMG-niň Ýörite maksatnamasyny ösdürmekde Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň ileri tutýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak boldy. Sebitiň ýurtlarynyň wersiýalary geljekki sebitara hyzmatdaşlyk we UN SPAS-y ösdürmegiň mümkin bolan ugurlary boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler.
Ikinji sebit duşuşygynyň netijeleri boýunça BMG-niň Aral deňziniň basseýni üçin Ýörite maksatnamasy boýunça geljekki işleriň formaty barada gatnaşyjy ýurtlaryň Jemleýji beýannamasy kabul edildi.