«Türkmenportal» neşiri Türkmenistanyň bazarynda hödürlenýän resmi dilerleri we täze awtoulaglary bir ýere jemleýän täze «Awtoulag merkezleri» bölümini işe girizdi. Täze bölüm internet portalyň saýtynda-da, ykjam goşundysynda hem elýeterlidir.
Bölümiň baş sahypasynda ulanyjylara awtoulag merkezleriniň sanawy hödürlenýär. Bu ýerde merkeziň ady boýunça gözleg geçirmek we awtoulaglaryň kysymlary boýunça süzgüçden peýdalanyp bolar. Her bir diler awtoulagyň suraty, «Resmi diler» derejesi, kompaniýanyň ady, awtoulagyň kysymy, salgysy we elýeterli modelleriň sany görkezilen aýratyn sahypa görnüşinde ýerleşdirilýär. Belli bir awtoulag merkeziniň sahypasyna girilende, diler barada has giňişleýin maglumat açylýar. Onda diler barada gysga beýan, kuzowyň görnüşi boýunça süzgüç ulanyp bolýan elýeterli modelleriň sanawy, şeýle hem aragatnaşyk maglumatlary ýerleşdirilýär. Aragatnaşyk bölüminde salgysy, telefon belgisi, elektron poçtasy, hepdäniň günleri boýunça iş tertibi we awtosalonyň ýerleşýän ýerini görkezýän interaktiw karta bar.

Her bir awtoulag modeli üçin hem aýratyn sahypa döredilýär. Bu sahypada «Daşky görnüşi», «Içki görnüşi» we «Galereýa» bölümlerinden ybarat fotosergi, awtoulagyň tehniki häsiýetnamalary, şeýle hem bahasy görkezilýär. Baha anyk san görnüşinde ýa-da «Bahasy soralýar» diýen bellik bilen, diler bilen habarlaşmak üçin aragatnaşyk belgisi görkezilip berilýär. Awtoulaglaryň bahalary manatda görkezilýär we diňe maglumat maksatly häsiýete eýedir. Takyk bahany gönümel degişli awtoulag merkezinden anyklamak maslahat berilýär.