Turkmenportal logo
12.09.2026
2220022200
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Zyýat Hiliň» bento-tortlary: uly duýgular üçin kiçi süýjülik

Tort indi hökman baýramçylyk saçagynyň ýarysyny eýelemeli däl. «Zyýat Hil» konditer dükanlar zynjyrynda bento-tortlar uly meşhurlykdan peýdalanmagyny dowam edýär. Bu ykjam tortlar özboluşly dizaýny, dürli tagamlary hem-de uly bolmadyk baýramçylyk ýa-da ýakymly sowgat üçin örän amatly göwrümi özünde jemleýär.

Bento-tortlar eýýäm adaty mini-süýjülik görnüşiniň çäkginden çykdy. Häzirki wagtda olar ýakyn adamyňyzy gutlamagyň, kiçiräk garaşylmadyk sowgat etmegiň ýa-da adaty günüňizde süýji pursatlary döretmegiň ajaýyp usulydyr. Özboluşly we kiçi göwrümi şeýle torty ýanyňyz bilen alyp gitmäge, sebäpsiz hem sowgat etmäge ýa-da çaý başynda ikiçäk ýakymly oturlyşyk guramaga mümkinçilik berýär.

«Zyýat Hil» diňe bir tagama däl, eýsem, önümiň daşky görnüşine hem uly üns berýär. Ýönekeýje ýazgylar, özboluşly suratlar we tematik bezegler kiçijik torty şahsy sowgada öwürmäge ýardam edýär. Şeýle süýjülik hatda uly gutlag hatyndan hem köp zady aňladyp biler: diňe iki adama düşnükli bolan birnäçe söz, surat ýa-da nyşan ýeterlikdir.

Bento-tortlaryň ýene bir aýratynlygy olaryň köptaraplylygyndadyr. Olar doglan gün, ýubileý, romantik agşam, dostlukly gutlaglar ýa-da adaty sowgatlyk üçin örän amatlydyr. Şunda ykjam göwrüm uly baýramçylyk tortunyň zerur bolmadyk ýagdaýlarynda iň dogry saýlaw bolup hyzmat edýär.

Sargytlary her gün berip bilersiňiz. «Zyýat Hil» konditer dükanlary dynç günsüz sagat 08:00-dan 22:45-e çenli işleýär. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin eltip bermek hyzmaty hem elýeterlidir, sargytlar 150 manatdan geçen ýagdaýynda Aşgabat şäheri we Gökdepe etraby boýunça mugt eltilip berilýär.

Habarlaşmak üçin:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý. Telefon belgileri: (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;

  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi. Telefon belgileri: (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;

  • Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat. Telefon belgileri: (+993 12) 97 95 06 we (+993 62) 02 13 63.

  • Sosial ulgamdaky sahypasy.