Turkmenportal logo
12.09.2026
2385323853
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda geçiriljek GDA-nyň sammitine ilkinji gezek Eýranyň wekili gatnaşar

Eýranyň wekili 9-njy oktýabrda Türkmenistanda geçiriljek GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň sammitine ilkinji gezek gatnaşar. Bu barada GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew žurnalistlere habar berdi.

«Türkmenistanda ilkinji gezek GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň sammitine Eýranyň wekiliniň gatnaşmagy aýratyn bellärliklidir. Munuň özi «GDA+» formatynyň ösýändigini görkezýär. Biz bu formatyň geljekde has-da giňeldilmegine umyt baglaýarys» — diýip, Lebedew Aşgabatda geçirilen Ykdysady geňeşiň mejlisinden soň žurnalistler bilen geçirilen söhbetdeşlikde aýtdy.

GDA-nyň Baş sekretary «GDA+» formatynyň düşünje derejesinden amaly durmuşa geçirmek tapgyryna geçýändigini belledi.

«Häzir biz eýýäm amaly tapgyra geçýäris. Hususan-da, birnäçe ýyldan bäri Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň ýokary derejeli synçylary biziň çärelerimize gatnaşyp gelýärler» — diýip, Lebedew aýtdy.

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-nyň edaralarynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde anna güni Aşgabatda geçirildi. Geňeşiň nobatdaky mejlisi şu ýylyň 27-nji noýabrynda Moskwada geçiriler.