Turkmenportal logo
11.09.2026
1760617606
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bäherden, Balkan we Lebap sement zawodlarynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylar

Türkmenistanyň Prezidenti Bäherden, Balkan we Lebap sement zawodlaryny bökdençsiz işletmek maksady bilen resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň sement zawodlaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen gol çekilen resminama laýyklykda, ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy.