Turkmenportal logo
11.09.2026
76807680
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisi 27-nji noýabrda Moskwada geçiriler

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisi şu ýylyň 27-nji noýabrynda Moskwada geçiriler. Bu barada GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew habar berdi.

«Şu gün ýapyk görnüşde geçirilen duşuşykda wekiliýetleriň ýolbaşçylary GDA-nyň çäklerindäki ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, şeýle hem Geňeşiň garamagyna hödürlenen resminamalar boýunça pikir alyşdylar. Ýapyk görnüşde geçirilen mejlisde Ykdysady geňeşiň nobatdaky mejlisini şu ýylyň 27-nji noýabrynda Moskwada geçirmek barada karar kabul edildi» — diýip, Lebedew aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Ykdysady geňeşiň ýapyk görnüşde geçirilen mejlisinde wekiliýetleriň ýolbaşçylary mejlisiň gün tertibini we geçiriljek tertibini ara alyp maslahatlaşyp, tassykladylar. Gün tertibine Arkalaşygyň ýokary derejeli edaralarynyň tabşyryklarynyň we pudaklaýyn geňeşleriň teklipleriniň esasynda taýýarlanan 28 mesele girizildi. Şolaryň 12-si boýunça degişli maglumatlary GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşine hödürlemek göz öňünde tutulýar.

«Wekiliýetleriň ýolbaşçylary däp bolşy ýaly, GDA-nyň çäklerindäki ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, şeýle hem Geňeşe hödürlenen resminamalar boýunça pikir alyşdylar. Soňra ýapyk görnüşde 2026–2030-njy ýyllar üçin GDA-a agza döwletleriň çäginde halkara gatnawlar amala aşyrylanda ulag howpsuzlygyny üpjün etmek strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy baradaky mesele ara alnyp maslahatlaşyldy» — diýip, Lebedew nygtady.

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisi Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-nyň edaralarynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde anna güni Aşgabatda geçirildi.