Turkmenportal logo
11.09.2026
1375013750
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Filippinlerde ýolagçy gamisi ýandy, pidalar bar
Surat: ua.news

Filippinleriň günbatar böleginde ýolagçy paromynyň ýanandygy belli boldy. Kenar goragynyň kapitany Noemi Kaýabýab azyndan bäş adamyň gurban bolandygyny habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Ol şeýle hem diri galanlar we heläk bolanlar barada maglumatlara esaslanyp, ýene 87 adamyň gözlenilýändigini aýtdy. Häzirki wagtda 42 adam halas edildi.

«MV June Aster» paromy Manila şäherinden ýüzüşe ugrapdyr. Kenar goragynyň wekili paromda 134 adamyň: 117 ýolagçynyň hem-de ekipažyň 17 agzasynyň bolandygyny habar berdi.

Ýangynyň sebäpleri öwrenilýär.