Turkmenportal logo
09.09.2026
1095610956
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýewropa Bileleşiginiň täze bellenen ilçisi Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýuk Pýer Dewini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, parahatsöýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigine wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti ilçini bu diplomatik wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, onuň bu wezipede Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklara möhüm ähmiýet berýär. Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň möhüm halkara hyzmatdaşlygynyň biri bolup, soňky ýyllarda bu gatnaşyklar özara hormat goýmak, ynanyşmak we umumy bähbitlere esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýär. Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmalary işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berýär. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany söwda dolanyşygyny artdyrmak, Ýewropa ýurtlarynyň kompaniýalary bilen işewür gatnaşyklary giňeltmek we täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şeýle hem Türkmenistan energetika, ulag we logistika, senagat, oba hojalygy, sanly tehnologiýalar hem-de daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.