Alp Arslan adyndaky milli drama teatry hem-de Türkmenistanyň döwlet gurjak teatry aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny 11, 12 we 13-nji sentýabrda ilkinji gezek görkeziljek sahna eserlerine tomaşa etmäge çagyrýar.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda türkmen dramaturgy we ýazyjysy Gadam Kakabaýewiň eseriniň esasynda taýýarlanan «Halk hakydasy» atly spektaklyň ilkinji görkezilişi geçiriler. Drama eserinde 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gijede bolup geçen Aşgabat ýer titremesiniň pajygaly wakalary beýan edilýär. Spektaklyň režissýory — Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýew. Spektakl sagat 19:00-da başlanýar.
Türkmenistanyň Döwlet gurjak teatry bolsa körpe tomaşaçylaryny «Dostluk mukamy» atly sazly ertekiniň ilkinji görkezilişi bilen begendirer. Spektaklyň wakalarynyň merkezinde tokaýda ýaşaýan başarnyksyz hem-de başagaý ýaşaýjylaryň başdan geçirmeleri durýar. Edebi esasynyň awtory — Maksat Altaýew, režissýory — Batyr Gurbanow. Spektakl sagat 19:00-da başlanýar.
Teatrlaryň repertuaryna üýtgetmeleriň girizilmeginiň mümkindigi sebäpli, spektakllara barmazdan ozal teatryň kassalaryndan häzirki hereket edýän oýunlaryň tertibini anyklamak maslahat berilýär.