Turkmenportal logo
23.04.17
1472814728
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýulduz Jumabaýewa: «Iň uly arzuwym — Aziadada medal gazanmak»

«Turkmenportalyň» söhbetdeşi Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby, 48 kilograma çenli zenan türgenleriň arasynda bürünç medalyň eýesi Ýulduz Jumabaýewa:


— Ýurdumyza agyr atletika boýunça Aziýa çempionatlaryndan medal getiren ilkinji zenan türgen bolmak mende çäksiz şatlyk döredýär. Bu çempionata gatnaşmak Aziada — 2017-ä taýýarlyk görýän döwrümizde ukybymyzy we güýjümizi barlamak üçin iňňän gowy mümkinçilik boldy.


 Agyr atletika bilen 7 ýyldan bäri meşgullanyp gelýärin. Ilkinji tälimçim — öz daýym Zaripbaý Kerimbaýew. Maňa mundan öň hem halkara ýaryşlaryň birnäçesine gatnaşmak miýesset etdi. 2014 — 2016-njy ýyllar aralygynda Özbegistanda we Hytaýda geçirilen halkara ýaryşlarda çykyş etmek miýesser etdi. Ýöne medala mynasyp bolmak bagty hut şu gün — paýtagtymyzdaky Aziýa çempionatynda nesip etdi. Munuň üçin şatlygymyň çägi ýok.


Çempionat tamamlanandan soň, türgenlerşiklerimizi ýene-de güýçli depgin bilen dowam ederis. Iň uly arzuwym paýtagtymyzda geçiriljek Aziadada medal gazanmak. Bu arzuwyma ýetmek üçin üçin bary-ýogy birnäçe ädim galdy. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar, şol sanda türgenler üçin döredip berýän çäksiz mümkinçilikleriniň netijesinde bu arzuwymyň hem hasyl boljakdygyna tüýs ýürekden ynanýaryn.