Türkmenistanda «Abiwerd» Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde toplumlaýyn arheologik gazuw-agtaryş we öňüni alyş konserwasiýa işleri boýunça güýzki meýdan möwsümi başlandy.
Hünärmenleriň işleri XI asyra degişli özboluşly ýadygärlik bolan Juma metjidinde jemlenýär. Ol «Abiwerd peştak» atly berkitme toplumynyň günbatar böleginde, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň dolandyryş merkezinden 7 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde metjidiň düýbüniň ýerleşýän ýeri anyk kesgitlenildi we monumental peştak portalyň sag hem-de çep daýanç sütünleri bölekleýin arassalandy.
Bu desganyň takyk ýerleşýän ýeri XIX asyryň ortalarynda seýsmiki we antropogen täsirleriň netijesinde doly ýykylandygy sebäpli uzak wagtlap näbelli bolup geldi. Portalyň ýüze çykarylan daýanç gurluşlarynyň paleo-binagarlik seljermesi orta asyr binagärleriniň ýerli monumental binagärlik mekdebine mahsus bolan örän çylşyrymly inženerçilik we bezeg çözgütlerini ulanandyklaryny görkezdi.
Daýanç sütünleri dürli ölçegdäki, dörtburç kesimli bişen kerpiçlerden örülip, berk birleşdiriji ergin bilen berkidilipdir. Häzirki wagtda goraghananyň ylmy işgärleri we dikeldiş hünärmenleri tapyndylaryň üstünde işleýärler hem-de ýüze çykarylan gurluşyk gurluş düzümlerini olaryň tapylan ýerinde konserwasiýa edýärler. Bu işler olaryň mundan beýläk zaýalanmagynyň we eroziýasynyň öňüni almaga gönükdirilendir.
Şol bir wagtyň özünde, alnan arheologik maglumatlar bu metjidiň gadymy şäheriň ruhy we jemgyýetçilik durmuşynyň merkezi hökmünde ençeme gezek beýan edilen beýleki çeşmelerdäki maglumatlar bilen deňeşdirilýär.
Abiwerdiň arheologik gazuw-agtaryş geçirilen ýerinde açyk asmanyň astyndaky muzeýiň döredilmegi, şeýle hem topragyň aşagynda gizlenip ýatan taryhy tapyndylaryň köpçülige aýdyň görkezilmegi bu gadymy şäheriň taryhyny gelýänlere has gowy öwrenmäge mümkinçilik berer.
Abiwerdiň binagärligi barada alnan täze maglumatlar Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy mirasy bilen baglanyşykly syýahatçylyk ugurlaryna goşulyp bilner. Bu bolsa ýadygärlige alymlaryň we syýahatçylaryň ünsüni çekmäge ýardam eder.