Turkmenportal logo
08.09.2026
98099809
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda türkmen işewürligi üçin B5+1 görnüşinde iş duşuşygy geçiriler

Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekilleri 2026-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli «Arkaç» işewürlik merkezinde ýerleşýän «Iş Nokady» kompaniýasynyň maslahatlar zalynda Halkara hususy telekeçilik merkezi (CIPE) bilen bilelikde geçiriljek B5+1 görnüşindäki iş duşuşygyna çagyrylýar.

Çäre resmi däl tegelek stol görnüşinde guralyp, onda gatnaşyjylar sebit işewürlik hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat alyp bilerler we Türkmenistanyň häzirki işewürlik gurşawy baradaky öz garaýyşlary paýlaşyp bilerler.

Duşuşygyň çäklerinde B5+1 (Business 5+1) başlangyjy tanyşdyrylar. Bu başlangyç Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň we ABŞ-niň işewürlerini, işewürlik assosiasiasiýalaryny hem-de döwlet edaralarynyň wekillerini birleşdirýän C5+1 diplomatik platformasynyň işewürlik görnüşidir. Başlangyç sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de işewürlik bileleşigi tarapyndan öňe sürülýän umumy ykdysady we kadalaşdyryjy meseleleriň çözgütlerini tapmaga gönükdirilendir.

Duşuşykda CIPE-niň Ýewropa we Ýewraziýa bölüminiň direktory, halkara gatnaşyklar we ykdysady ösüş ulgamynda 25 ýyldan gowrak tejribesi bolan Nataliýa Otel Belan, şeýle hem CIPE-niň Merkezi Aziýa boýunça sebit maksatnamalarynyň dolandyryjysy, ABŞ-niň Döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýän IBECA maksatnamasyna ýolbaşçylyk edýän hem-de döwlet-hususy hyzmatdaşlygy we sebitde zenan telekeçiligini goldamak boýunça hünärmen Asel Kubanyçbekowa çykyş ederler.

Guramaçylar türkmen işewürliginiň wekillerini bu duşuşyga gatnaşyp, öz pikirlerini paýlaşmaga hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-niň arasynda, şeýle hem sebitiň öz içinde işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmaga çagyrýarlar.