Turkmenportal logo
08.09.2026
1276112761
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Belet» Çempionlar ligasynyň birinji tapgyryndaky Ýewropanyň öňdebaryjy klublarynyň gatnaşmagyndaky oýunlary görkezer

Şu hepdede UEFA-nyň 2026/27-nji futbol möwsümindäki Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry başlanýar. «Belet» platformasy tapgyryň çäginde Ýewropanyň öňdebaryjy klublarynyň gatnaşmagyndaky sekiz duşuşygy göni ýaýlymda görkezer.

8-nji sentýabrda ýaýlymda «Brýugge» — «Aston Willa» (21:45), şeýle hem «Real Madrid» — «Inter» (00:00, 9-njy sentýabrda) duşuşyklary görkeziler. Ertesi gün — 9-njy sentýabrda «Barselona» — «Feýenoord» (21:45), şeýle hem «Napoli» — «Arsenal» (00:00, 10-njy sentýabrda) duşuşyklary göni ýaýlyma çykarylar.

10-njy sentýabrda «Liwerpul» — «Atletiko Madrid» (00:00), «Fenerbahçe» — «Roma» (21:45) we Doneskiň «Şahtýory» — PSW (21:45) duşuşyklarynyň ýaýlyma berilmegi meýilleşdirilýär. Duşuşyklaryň bu tapgyry 11-nji sentýabrda sagat 00:00-da geçiriljek «Mançester Ýunaýted» — «Sabah» duşuşygy bilen tamamlanar.

Ýokarda görkezilen duşuşyklary «Belet» platformasynda göni ýaýlymda görüp bolar. Ýaýlymlara «Sport» bölüminden tomaşa edip bolýar. Bu bölüme giriş «Premium» nyrh meýilnamasyna abuna ýazylan ulanyjylara elýeterlidir.