Turkmenportal logo
07.09.2026
2254622546
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arassa Ädim» hojalyk jemgyýeti PET çüýşelerini gaýtadan işleýän kärhanasyna täze işgärleri çagyrýar

PET çüýşelerini gaýtadan işleýän süýüm önümçiligini amala aşyrýan «Arassa Ädim» hojalyk jemgyýeti Daşoguz we Balkan welaýatlaryndaky şahamçalary üçin işgärleri işe kabul edýändigini yglan etdi. Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabyndaky we Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki kärhanalarda täze iş orunlary açyldy.

Bu iki kärhana hem aşakdaky hünärmenler gerek:

- iş tejribesi bolan we önümçilik amallaryna gowy düşünýän önümçilik müdiri (gurluşyk ulgamynda tejribesiniň bolmagy artykmaçlyk hasaplanylar);

- kärhananyň girdeji-çykdajy hasabatlylygyny ýöretjek hasapçy (buhgalter).

Mundan başga iki kärhanada hem önümçilik meýdançasyna işçiler kabul edilýär: olardan iş tejribesi talap edilmeýär, ýeke-täk talap - dalaşgärleriň ýaşynyň 18-den kiçi bolmazlygydyr.

Gyzyklanma bildirýänler +993 71 46 87 36 telefon belgisi arkaly habarlaşyp bilerler.