Turkmenportal logo
06.09.2026
84038403
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri Kronenbergde geçirilýän ahalteke bedewleri bilen bagly çärelere gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Niderlandlar Patyşalygyna bolan sapary taryhy ähmiýeti bolan wakalara, ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Bu ýerde türkmen halkynyň dünýä beren gymmatlygy we milletiň buýsanjy hökmünde ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýynyň şanyna giň möçberli halkara çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Aýdym-sazly çykyşlar, bedewleriň gözellik bäsleşigi we ýeňiji bolanlaryň sylaglaýyş dabarasy Ýewropanyň gözel künjeginde guralan giň möçberli çäreleriň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi hem-de guralan dabaralaryň derejesini has-da belende göterdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Niderlandlar Patyşalygyna sapar bilen ugran türkmen halkynyň Milli Lideri Dýusseldorf Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedowy Germaniýanyň we Türkmenistanyň resmi adamlary mähirli garşyladylar. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerden ugrady.

Niderlandlar Patyşalygynda geçirilýän çäreler behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny belende galdyrmakda has-da möhüm ähmiýete eýe bolar. Niderlandlar Patyşalygynda geçirilýän çäreler behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny belende galdyrmakda has-da möhüm ähmiýete eýe bolar. Ýeri gelende bellesek, bu çempionata Türkmenistanyň, Niderlendlar Patyşalygy, Fransiýa, Germaniýa, Belgiýa, Ukraina, Daniýa, Italiýa, Beýik Britaniýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Polşa, Gazagystan, Özbegistan ýaly döwletleriň — jemi 25 sany ýurduň atçylyk toplumlarynyň 80-e golaý saýlama ahalteke bedewleri, meşhur seýisleri, atçylyk sportunyň tanymal tälimçileri, eminleri hem-de türgenleri gatnaşýar.