Turkmenportal logo
05.09.2026
1235612356
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Raýan Reýnoldsyň gatnaşan «Meýdeý» filmi «Belet» platformasynda elýeterli boldy

«Belet» striming platformasynda baş keşpde Raýan Reýnolds çykyş edýän «Meýdeý» (Russiýanyň prokatynda «Betbagtçylyk duýduryşy» ady bilen hem belli) atly täze komediýa ekşen-trilleri tomaşa etmek üçin elýeterli boldy. Film platformada beýleki diller bilen birlikde türk diline terjime edilen görnüşinde hem görkezilýär.

Filmiň dünýä premýerasy 2026-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda Apple TV+ platformasynda geçirildi. Filmi režissýorlar Jonatan Goldstin we Jon Frensis Deýli bilelikde surata düşürdiler. Olar mundan ozal «Dynç alyş» we «Diri galmak oýny» filmleriniň üstünde bile işläpdiler.

Filmiň wakalary 1987-nji ýylda, sowuk urşuň gyzgalaňly döwründe bolup geçýär. ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleriniň leýtenanty, uçarman Troý Kelli (Raýan Reýnolds) Sowet Soýuzynyň çäginiň jümmüşine gizlin tabşyryk bilen ugraýar. Emma operasiýa şowsuz tamamlanýar we baş gahryman duşmanyň tylynda galýar. Şol ýerde ony ABŞ-nyň medeniýetine düşündirip bolmajak derejede gyzyklanýan Döwlet howpsuzlyk komitetiniň öňki agenti Nikolaý Ustinow (Kennet Brana) tapýar. Şeýlelikde, iki gahrymanyň arasynda garaşylmadyk hyzmatdaşlyk döreýär.

Filmde Mariýa Bakalowa, Marçin Doroçinskiý we Dewid Mors hem surata düşdi. Filmiň prodýuserleri Dewid Ellison, Dana Goldberg, Don Greýnjer we Raýan Reýnolds boldy. Filmiň önümçiligini «Apple Studios», «Skydance Media» we «Maximum Effort» kompaniýalary amala aşyrdy. Filmiň dowamlylygy takmynan 110 minut bolup, oňa PG-13 ýaş çäklendirmesi berildi.