«Awtoýoly» hojalyk jemgyýetiniň Media bölümi wideoperator we wideomontažçy wezipelerine täze iş orunlaryny açdy.
Montažçy wezipesine dalaşgärden «Adobe Premiere Pro» programmasynda erkin işlemek başarnygy talap edilýär; «After Effects» programmasynda iş tejribesiniň bolmagy artykmaçlyk hasaplanar. Wideoperator wezipesine dalaşgär bolsa döwrebap enjamlarda wideoýazgy etmek başarnyklaryna eýe bolmalydyr.
Eger siz ýokary hilli wideokontent döretmegi başarýan bolsaňyz we «Awtoýoly» toparynda işlemek isleseňiz - siziň seslenmäňize şat bolarys!
Täze iş orunlary barada maglumatlary we işe ýerleşmegiň şertlerini kompaniýanyň administrasiýa bölüminden anyklap bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 71 46 87 36.