Turkmenportal logo
05.09.2026
2374223742
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Oktýabr aýynda Aşgabatda Durnukly ösüş maksatlarynyň 7-nji maksadyny ilerletmek boýunça ýokary derejeli tegelek stol geçiriler

20-nji oktýabrda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2026) atly XXXI halkara maslahatynyň we serginiň öňüsyrasynda «Ygtybarly, elýeterli we durnukly energetika: halkara hyzmatdaşlygyň üsti bilen Durnukly ösüş maksatlarynyň 7-nji maksadyny ilerletmek» atly ýokary derejeli tegelek stoluň mejlisi geçiriler. Bu barada oilgas.gov.tm saýtynda habar berilýär.

Tegelek stoluň işine Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkeziniň, Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň wekilleri, şeýle hem ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşar.

Duşuşygyň dowamynda ygtybarly, elýeterli we durnukly energetikany üpjün etmek, ony Durnukly ösüş maksatlarynyň 7-nji maksadyna ýetmegiň, ykdysady ösüşe ýardam bermegiň, sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň we ekologiýa taýdan durnuklylygy üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Çeşmede bellenilişine görä, durnukly energetika geljegini kemala getirmekde tebigy gazyň orny, metanyň zyňyndylaryny azaltmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berler — diýip, çeşmede bellenýär.