«Zyýat Hil» konditer dükanlarynyň ulgamy Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny tanyş tagamlaryň täzeçe görnüşde hödürlenýän desertleri bilen tanyşdyrmagyny dowam etdirýär. Şeýle desertleriň biri-de meşhur şokolad batonjygyndan ugur alnyp taýýarlanan «Snikers» tortudyr.
Bu desertiň esasy aýratynlygy biri-birinden aňsatlyk bilen tapawutlandyryp bolýan özboluşly tagamlaryň sazlaşygyndan ybarat: näzik biskwit, ýeňil we howalandyrylan krem, gowrulan arahis, karamel hem-de baý şokolad goşundysy. Netijede, hozly-şokoladly aýdyň tagamy, ýumşak teksturasy we kibirdeýän arahisiň ýakymly sazlaşygy bilen tapawutlanýan tort emele gelýär.

«Snikers» torty toý-baýramçylyk desterhany üçin hem, maşgala saçagynda adaty çaý başynda hödürlemek üçin hem amatly süýjülikdir. Bu desert ýeňil miweli tortlardan däl-de, has baý şokoladly we hozly tagamlaryň sazlaşygyndan lezzet alýanlara aýratyn ýarar.
«Zyýat Hil» konditer dükanlarynyň ulgamynyň işgärleriniň bellemegine görä, bu dükanda nusgawy tortlar bilen birlikde häzirki zaman desertleri hem bar. Konditerler täze tagamlaryň we bezeg görnüşleriniň üstünde işlemegi dowam etdirýärler. Zerur bolan ýagdaýynda bu ýerde belli bir waka mynasybetli tort sargyt etmek ýa-da aýratyn dizaýny saýlamak hem mümkindir.
«Zyýat Hil» konditer dükanlary her gün sagat 08:00-dan 22:45-e çenli işleýär. Sargytlary Aşgabatdaky dükanlar ulgamynyň üç nokadynyň islendik birinde ýerleşdirmek bolýar. Süýji önümleriniň bahasy 150 manatdan geçýän sargytlar üçin Aşgabat şäheri we Gökdepe etraby boýunça eltip bermek hyzmaty mugtdyr.
Käwagt kiçijik baýramçylyk guramak üçin aýratyn bir sebäp hem gerek däl. Biraz şokolad, karamel, arahis we çagalykdan bäri söýlüp gelýän süýjüligiň tagamyny ýada salýan tortuň özi ýeterlik bolýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, j. 254, telefonlar: (+993 12) 35 37 13, (+993 62) 02 13 61.
Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefonlar: (+993 12) 29 35 03, (+993 62) 02 13 62.
Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar: (+993 12) 97 95 06, (+993 62) 02 13 63.
Sosial ulgamdaky sahypasy.