Turkmenportal logo
Düýn 09:32
1026110261
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistan Türkmenistanyň iň iri söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji dördüsiniň hataryna girdi

Özbegistan 2026-njy ýylyň ýedi aýynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda dördünji orny eýeledi diýip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow belledi.

Aşgabat şäherindäki «Daşkent» seýilgähinde Özbegistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen çärede Geldimyradow: «Şu ýylyň 7 aýynyň netijeleri boýunça Özbegistan Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda 4-nji orny eýeleýär» diýip çykyş etdi».

Onuň sözlerine görä, 2026-njy ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy takmynan 800 million ABŞ dollaryna golaýlap, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 18 göterim artdy.

Wise-premýer, şeýle hem 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 1,2 milliard dollara ýetip, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 60 göterim ýokarlanandygyny ýatlatdy.

Öz gezeginde Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimow iki ýurduň özara haryt dolanyşygynyň yzygiderli artýandygyny we ýakyn geljekde taraplaryň bu görkezijini 2 milliard dollara ýetirmegi meýilleşdirýändigini belledi.

Ilçiniň sözlerine görä, Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň aýdyň nusgasy bolup durýar.