Turkmenportal logo
Şu gün 18:44
32043204
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ahal welaýatynyň uzak obalarynda döwrebap aragatnaşyk hyzmatlary ýola goýuldy

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Derweze geňeşliginiň Ataguýy we Böri obalarynyň ýaşaýjylary üçin döwrebap aragatnaşyk hyzmatlary elýeterli boldy.

Ýakynda «Ahaltelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasy tarapyndan agzalan obalarda «TürkmenÄlem 52°E» milli emeli hemrasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanylyp, telefon we internet aragatnaşyk hyzmatlary gurnalyp, işe girizildi.

Täze hyzmatlaryň ýola goýulmagy bilen obalaryň ýaşaýjylarynyň ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçilikleri has-da giňeldi. Hususan-da, telefon aragatnaşygyny netijeli peýdalanmak, internet ulgamyna birikmek, sanly hyzmatlardan we maglumat çeşmelerinden peýdalanmak, uzak aralykdan habarlaşmak hem-de döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny gündelik durmuşda ulanmak mümkinçiligine eýe boldy.

Internet aragatnaşygynyň elýeterli bolmagy oba ilatynyň elektron döwlet hyzmatlaryndan, onlaýn bilim we maglumat çeşmelerinden, sanly töleg we beýleki elektron hyzmatlardan peýdalanmagyna täze mümkinçilikleri döredýär. Şeýle hem bu hyzmatlar telekeçilik işini ösdürmäge, dürli ugurlarda maglumat alyş-çalşyny çaltlandyrmaga we oba ýerlerinde sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga ýardam eder.