Türkmenistanda şöhlat, süýt we konditer önümleriniň dürli görnüşleri bilen tanalýan «Täze Aý» kompaniýalar topary önümçilik ugurlaryny giňeldýär. Kompaniýa maldarçylygyň we balykçylygyň dürli ugurlaryna gönükdirilen kombinirlenen iýmleriň (kombikormlaryň) önümçiligini ösdürýär.
Täze önümçilik Mary welaýatynda ýerleşýär we bir gije-gündüzde 15 tonna çenli önüm öndürmäge niýetlenendir. Häzirki wagtda oba hojalyk mallarynyň dürli görnüşleriniň sarp ediş zerurlyklary göz öňünde tutulyp işlenip taýýarlanan 11 sany ýöriteleşdirilen iým görnüşi öndürilýär.

Guşçulyk üçin, hususan-da, ýumurtga berýän guşlar we dürli ýaş toparlaryndaky broýlerler üçin bäş görnüş iým, iri şahly mallar we goýunlar üçin üç görnüş, şeýle hem balykçylyk üçin çalt ereýän ýöriteleşdirilen iýmler öndürilýär. Bulardan başga-da, iki derejeli et-süňk uny iým görnüşleriniň üstüni ýetirýär.
Önümleriň hili kärhananyň öz hususy barlaghanasy tarapyndan gözegçilikde saklanýar. Iým resepturalary haýwanlaryň iýmitleniş we saklanyş aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, «Täze Aýyň» hünärmenleri tarapyndan weterinar lukmanlar bilen bilelikde işlenip düzülýär.
Önümçilik diňe bir sebit bilen çäklenmän — kombinirlenen iýmler bütin Türkmenistan boýunça satuwa çykarylýar. Şol bir wagtyň özünde, kärhana Mary welaýatynda täze iş orunlaryny döredýär we ýerli önümçilik binýadyny ösdürýär.

Kompaniýada bu ugry mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçiliklerini bardygyny belleýärler. Geljekde önümçiligiň möçberlerini artdyrmak we önümleri daşary ýurt bazarlaryna çykarmak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.
Şeýlelikde, «Täze Aý» ilat üçin adaty bolan haryt görnüşleriniň önümçiliginiň çäginden çykýar hem-de azyk önümlerinden başlap, maldarçylyk we balykçylyk üçin iýmlere çenli öz hususy önümçilik zynjyrny emele getirýär.
Habarlaşmak üçin:
Tel: +993 61 343076
Elektron poçta: info@tazeay.com
Salgysy: Türkmenistan, Mary welaýaty, Mary etraby, «Täze oba» daýhan birleşigi