Turkmenportal logo
Düýn 11:31
1193511935
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli okuw sapagynda belledi. Çykyş «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýylyň sentýabryndaky 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň Prezidenti Hazar ekologiýa başlangyjyny öňe sürdi. Şu ýylyň aprelinde Wenada geçirilen energetika forumynda bolsa biziň Türkmenistan energetika giňişligini syýasylaşdyrmakdan doly we kepillendirilen ýagdaýda el çekmäge çagyrdy. 

«Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda energetika ulgamynda syýasylaşdyrmak gatnaşyklaryndan ýüz öwürmegi anyk beýan edýän «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamak barada pikirlenmegi teklip edýär» diýip, Gahryman Arkadag çykyşynda aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan energiýa serişdelerine erkin, durnukly we deň elýeterliligi üpjün etmäge çagyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri: «Munuň özi islendik halkyň we döwletiň tebigy hem-de kanuny hukugydyr. Adam hemme zadyň esasydyr. Şu düşünjede halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmek garaýşy jemlenýär. Türkmenistan kynçylykly ýagdaýlara düşen halklara ynsanperwer kömegi bermek bilen, şeýle syýasaty alyp barmakda görelde görkezýär» diýip belledi.