Turkmenportal logo
Şu gün 10:35
60996099
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaý 2026-njy ýylda Çendu – Türkmenistan ugry boýunça ikinji demir ýol gatnawyny ýola goýdy

Hytaýyň günorta-günbataryndaky Siçuan welaýatynyň Çendu şäherinden sişenbe güni Türkmenistanyň Sarahs stansiýasyna ýük otlusy ugradyldy. Bu gatnaw Hytaý – Merkezi Aziýa ugry boýunça demir ýol arkaly ýük daşamak maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyryldy. Bu barada Hytaýyň «Sinhua» döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Habarda bellenilişine görä, bu ýylyň başyndan bäri Çendu bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan ikinji göni demir ýol gatnawydyr.

Çendu bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda yzygiderli demir ýol ýük gatnawy 2014-nji ýyldan bäri amala aşyrylýar. Ilkibaşda bu demir ýol ulgamy iki ugur — Gazagystanyň Almaty we Özbegistanyň Daşkent şäherleri boýunça ýola goýlupdy.

Şondan bäri ugurlaryň sanawy giňeldilip, oňa Astana, Bişkek, Duşenbe we Sarahs şäherleri hem goşuldy. Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, bu Çendu bilen Merkezi Aziýa sebitiniň arasyndaky logistika zynjyrlarynyň özara baglanyşygyny ep-esli ýokarlandyrýar.