Turkmenportal logo
Düýn 09:51
82988298
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Goturdepe» käninden ýylyň başyndan bäri 717,2 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy

Тürkmenistanyň günbataryndaky «Goturdepe» käninden ýylyň başyndan bäri 717 müň 240 tonna nebit çig maly çykaryldy. Bellenilen meýilnama 111,5 göterim berjaý edilip, bu görkeziji «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça iň ýokary netijedir diýlip, ussatnews.com saýtynda habar berilýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, kärhanada önümçiligiň ösüş depgini 105,4 göterim artdy.

Häzirki wagtda bu sebitde 670 sany guýy durnukly önüm berýär.

Umumy meýdany 320 kwadrat kilometr bolan Goturdepe känini özleşdirmegiň taryhy 1948-nji ýylda ilkinji gözleg guýusynyň burawlanmagy bilen başlandy. Şol döwrüň tehnikalarynyň ýagdaýyna görä, burawlama işleri 1 müň 651 metr çuňlukda saklanypdyr. Käniň senagat taýdan özleşdirilmegi 1956-njy ýylda täzeden başlandy we şonda burawlanan ilkinji guýy bir gije-gündizde 120 tonna nebit berip, baý nebit akymyny emele getirdi.

Häzirki wagtda bu kände «gara altynyň» bir gije-gündizki çykarylyşy 3 400 tonnadan geçýär we ol çykarylýan çig malyň möçberi boýunça ýurduň nebitgaz çykarýan känleriniň arasynda ikinji orny eýeleýär diýip, çeşme belledi.