Turkmenportal logo
Düýn 15:12
1168611686
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda tohumçylyk esasda iri şahly mallary köpeltmek boýunça taslama başlandy

Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet maldarçylyk we guşçulyk senagaty birleşigi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) arasynda bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmäge başlamak boýunça resminama gol çekmek dabarasy geçirildi. 1-nji sentýabrda onlaýn görnüşde geçirilen çäre «Tohumçylyk esasda iri şahly mallary köpeltmek we emeli usulda tohumlandyrmak babatda hyzmatlary kämilleşdirmek» atly taslamanyň durmuşa geçirilip başlanmagyna bagyşlandy.

Resminama Türkmenistanyň Döwlet maldarçylyk we guşçulyk senagaty birleşiginiň başlygy Goçmyrat Ataýew Türkmenistanyň tarapyndan, FAO-nyň baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Wiorel Gusu bolsa guramanyň tarapyndan gol çekildi.

Taraplaryň bellemegine görä, taslamanyň esasy maksady Türkmenistanda iri şahly mallaryň tohumçylyk esasda baş sanyny artdyrmak, şeýle hem maldarçylyk işine häzirki zaman sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ýokary hilli emeli tohumlandyryş hyzmatlaryny ýola goýmak üçin milli mümkinçilikleri ösdürmekden ybaratdyr.

Taslamanyň çäklerinde tohumçylyk maldarçylygy babatda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, şeýle hem emeli tohumlandyryş boýunça hünärmenleriň we degişli barlaghanalaryň tehniki mümkinçiliklerini pugtalandyrmak, şol sanda olary ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün etmek boýunça işler göz öňünde tutulýar. Taslamanyň maliýeleşdirilmegi üçin 180 müň ABŞ-nyň dollary möçberinde serişde gönükdiriler. Işleriň 2028-nji ýylda tamamlanmagy meýilleşdirilýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň emeli tohumlandyryş hyzmatlaryny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri bar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bu hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, pudagyň tehniki üpjünçiligini gowulandyrmaga, hil üpjünçiligi ulgamlaryny kämilleşdirmäge, şeýle hem tohumçylyk maldarçylygynda öňdebaryjy tejribäni daýhanlaryň arasynda giňden ýaýratmaga ýardam eder.

Taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde strategik «ýol kartasynyň» işlenip taýýarlanylmagyna, standart amallaryň tertipleriniň düzülmegine we tohumçylyk işi boýunça milli maglumat ulgamynyň programma üpjünçiliginiň ornaşdyrylmagyna garaşylýar. Şeýle hem täzelenen milli tohumçylyk katalogyny taýýarlamak we mallaryň genetiki mümkinçiliklerini gowulandyrmaga gönükdirilen hukuk hem-de kadalaşdyryjy häsiýetli teklipleriň toplumyny işläp düzmek meýilleşdirilýär.

Göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegi maldarçylygyň öndürijiligini ýokarlandyrmaga, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga we Türkmenistanyň oba ýerleriniň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine ýardam eder diýlip garaşylýar. Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, taraplar geljekde bilelikdäki taslamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.