Turkmenportal logo
Şu gün 09:28
24782478
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda «Teatr – meniň ykbalym!» atly publisistik film surata düşürilýär

Türkmenistanda «Teatr – meniň ykbalym!» atly çeper-publisistik film surata düşürilýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Milli teatr sungatynyň gözbaşlary we häzirki döwürde gazanan üstünlikleri barada gürrüň berýän filmiň üstünde Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi işleýär. Filmiň goýujy-režissýory Rahymberdi Annagulyýew, ssenariýanyň awtory Baýmyrat Musaýew.

Filmiň 2026-njy ýylyň güýzünde tomaşaçylara hödürlenmegi meýilleşdirilýär.

Awtorlaryň pikirine görä, film türkmen teatrynyň kemala gelşiniň ýoluny hronologik yzygiderlilikde şöhlelendirer. Tomaşaçylar teatr sungatynyň ilkinji alamatlarynyň gadymy Nusaý şäherinde, Oguz hanyň döwründäki däp bolan at çapyşyklarynda, şeýle hem Margiana we Dehistan ýaly medeni merkezlerde nähili kemala gelendigine şaýat bolarlar. Filmiň düşürilişlerinde paýtagtymyzyň öňdebaryjy teatrlarynyň sahnalary hem görkeziler. Aýry-aýry bölümler Balkan, Mary, Lebap, Daşoguz welaýatlarynyň we Arkadag şäheriniň döwlet drama teatrlaryna bagyşlanar.

Çeşmäniň bellemegine görä, filmiň esasy ornuny türkmen sahna sungatynyň düýbüni tutan görnükli aktýorlar, režissýorlar we suratkeşler eýelär.