Turkmenportal logo
Düýn 14:21
79777977
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaponiýanyň daşary işler ministri Türkmenistana sapar bilen geler

Ýaponiýanyň daşary işler ministri Tosimisu Motegi 29-njy awgustda iş sapary bilen Türkmenistana ugrar. Ol soňra Slowakiýa, Awstriýa we Mongoliýa boýunça saparyny dowam etdirer. Bu barada Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň habar berýär.

Saparyň deslapky meýilnamasyna görä, ministr 29-njy awgustda Tokionyň Haneda howa menzilinden uçup, şol gün hem Aşgabada geler. Türkmen paýtagtyndan soňra onuň Bratislawa (30-njy awgust), Wena (1-nji sentýabr) we Ulan-Batora (2-nji sentýabr) barmagyna garaşylýar. Sapar 3-nji sentýabrda Narita howa menzili arkaly Ýaponiýa dolanmagy bilen tamamlanar.

Saparyň dowamynda T.Motegi baran ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we Hökümetleriň beýleki ýokary wezipeli wekilleri bilen gepleşikleri geçirer.

Habarda bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň dowamynda energetika, infrastruktura, ylym we tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.