2026/27 futbol möwsümindäki UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň bije çekişligi 27-nji awgustda Monakoda geçirildi. Bije çekişligiň netijesi boýunça ýaryşa gatnaşýan 36 toparyň hemmesiniň garşydaşlary kesgitlendi.
Her klub umumy tapgyrda sekiz duşuşyk geçirer. Toparlar UEFA-nyň klub reýtinginiň esasynda düzülen dört sebediň her birinden iki garşydaş bilen duşuşar. Her garşydaş bilen oýunlaryň biri öz meýdançasynda, beýlekisi bolsa myhmançylykda geçiriler.
Iň köp ünsi çekdirýän duşuşyklaryň arasynda «Real» kluby «Inter» hem-de «Arsenal» bilen, «Bawariýa» kluby bolsa «Mançester Ýunaýted» we «Liwerpul» bilen boljak oýunlar bar. Ýaryşyň häzirki çempiony PSŽ bolsa «Barselona» we «Mançester Siti» bilen güýç synanyşar.
Türkmenistanda Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň duşuşyklaryna «Belet» onlaýn platformasynda tomaşa edip bolar.
Öňdebaryjy klublaryň garşydaşlary:
«Real»: «Inter», «Arsenal», PSW, «Roma», «Leýpsig», «Şahtýor», LASK, AEK;
«Mançester Siti»: PSŽ, «Barselona», «Sporting», «Portu», «Napoli», «Leýpsig», AEK, «Lans»;
«Inter»: «Real», «Liwerpul», «Brýugge», «Borussiýa» (Dortmund), «Şahtýor», «Feýenoord», «Ştutgart», «Slowan»;
«Barselona»: «Mançester Siti», PSŽ, «Aston Willa», «Sporting», «Feýenoord», «Galatasaraý», «Komo», «Sabah»;
«Atletiko»: «Bawariýa», «Liwerpul», «Mançester Ýunaýted», PSW, «Fenerbahçe», «Bude-Glimt», «Wiking», «Ştutgart»;
PSŽ: «Barselona», «Mançester Siti», «Roma», «Aston Willa», «Galatasaraý», «Wilýarreal», «Slowan», «Komo»;
«Liwerpul»: «Inter», «Atletiko», «Portu», «Brýugge», «Wilýarreal», «Fenerbahçe», «Lans», LASK;
«Arsenal»: «Real», «Bawariýa», «Borussiýa», «Betis», «Lill», «Napoli», «Sabah», «Slawiýa»;
«Bawariýa»: «Atletiko», «Arsenal», «Betis», «Mançester Ýunaýted», «Bude-Glimt», «Lill», «Slawiýa», «Wiking».
Umumy oýunlar sekiz tapgyrdan ybarat bolar. Ilkinji tapgyr 8–10-njy sentýabrda, soňky tapgyr bolsa 27-nji ýanwarda geçiriler. Sekiz tapgyryň netijeleri boýunça iň gowy sekiz topar gönümel 1/8 finala çykar. 9-njy orundan 24-nji orna çenli ýerleri eýelän toparlar bolsa geçiş pleý-off tapgyrlarynda duşuşarlar.
2026/27 futbol möwsümdäki Çempionlar ligasynyň finaly 2027-nji ýylyň 5-nji iýunynda Madridiň «Metropolitano» stadionynda geçiriler.
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 2026/27 futbol möwsüminiň umumy tapgyrynyň bije çekişligi:



