«Türkmengazakdyryş» birleşiginiň Balkanabatdaky «Günbatargazakdyryş» müdirliginiň hünärmenleridir işçileriniň baş wezipesi, esasan, magistral gaz geçirijileriň gaz akdyryjy hem-de gysyjy desgalaryny bökdençsiz işletmek bilen, mawy ýangyjyň sarp edijilere ygtybarly ýetirilmegini üpjün etmek bolup durýar.
«Günbatargazakdyryş» müdirligi boýunça geçen döwürde 3 milliard 142 million 747 kub metrden gowrak tebigy gaz sarp edijilere ýetirildi. Munuň özi, 2025-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, sarp edijilere 697 million kub metre golaý mawy ýangyjyň artyk ugradylandygyny aňladýar.
«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, müdirligiň hünärmenleri uzynlygy 2 müň 265 kilometre barabar bolan ýokary basyşly gaz geçirijileriň elmydama bökdençsiz we saz işledilmegini gazanýarlar.
Olar özleriniň garamagyndaky bu geçirijiler arkaly Balkan welaýatynyň çägindäki ýataklardan alynýan tebigy gazy Balkanabat şäherindäki «Balkangazüpjünçilik» müdirligine, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň gaz turbinaly elektrik stansiýasyna, «Balkanenergo» önümçilik birleşigine, Balkanabat we Awaza döwlet elektrik stansiýalaryna, Gyýanlydaky polimer zawodyna yzygiderli ýetirýärler. Şeýle-de mawy ýangyjyň belli bir mukdaryny «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň Ahal welaýatyndaky zerurlyklaryna hem iberýärler.