Daşkent şäheriniň «Pahtakor» futbol kluby Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň we «Arkadag» futbol klubynyň ýarym goragçysy Arslan Wepaýewiň toparyň düzümine goşulandygyny habar berdi. Klubuň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, 18 ýaşly futbolçy özbek toparynyň düzümine erkin agent hökmünde goşuldy.
Wepaýew «Altyn Taç» toparynyň futbol mekdebiniň uçurymydyr. Ol Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň düzümine çagyrylýar. Wepaýew milli ýygyndynyň düzüminde ýedi duşuşyk geçirip, bir gol geçirdi we bir gezek netijeli pas berdi.
Häzirki wagtda «Pahtakor» Özbegistanyň Superligasynyň ýaryş tertibinde ikinji orunda barýar. Topar şu güýzde AFK-nyň Elita Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynda çykyş eder. «Pahtakoryň» garşydaşlarynyň arasynda Eýranyň «Esteglýal» we «Traktor», Saud Arabystanynyň «Al-Nasr», «Al-Kadisiýa», «Al-Ahli», «Al-Hilal» we «Al-Ittihad», şeýle hem Yragyň «Air Fors» toparlary bar.