Turkmenportal logo
26.08.2026
1095710957
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lebap welaýatynda 127 müňden gowrak mal üçin gyş möwsümine ot-iým taýýarlanylýar

Şu ýyl 2 müň 706 baş düýäni, 124 müň 562 maýda maly gyşlatmagy maksat edinýän maldarlar Lebap welaýatynyň ähli ýerlerinde ot taýýarlamak işini güýçli depginde alyp barýarlar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Çopanlar topary taýýarlan ot desselerini mallaryň gyşladyljak ýerlerindäki kaşarlara daşaýar. Şu güne çenli jemi taýýarlanmaly 12 müň 199 tonnanyň ýarysyndan gowragy eýýäm desselenip, degişli ýerlere daşaldy.

Bu işde Saýat etrabynyň «Jeýhun», Halaç etrabynyň «Garagum», Köýtendag etrabynyň «Köýtendag» maldarçylyk hojalyklary ýokary netijeleri gazanyp, görelde bolmagy başardylar. Olaryň birinjisiniň çopanlary 200 tonna ýorunja bedesini hem-de 45 tonna iýmlik arpa taýýarlap, bu babatdaky tabşyrygy ýerine ýetirmeklerine az galdy.

Çopanlar taýýarlanýan ot-iýmleriň ýokumlylyk derejesini hem ünsden düşürmeýärler. Şonuň üçin-de olar bar bolan tehnikalary bilen Garagum derýasynyň kenaryndaky boş ýerleri özleşdirip, ýorunja we beýleki ýokumly otlary ekmek işlerini-de alyp barýarlar.