Turkmenportal logo
26.08.2026
91739173
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde inklýuziw bilim üçin şertler döredilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de ýokary hünär bilimi edaralary tarapyndan Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasynyň çäklerinde ony durmuşa geçirmek boýunça işlere girişildi. Bu barada TDH habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurduň bilim ojaklarynda saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli raýatlaryň ýokary hilli bilime elýeterliligini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ilkinji nobatda, gurluşyk taslamalarynda olaryň sapaklara gatnamagy üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulýar.

Degişli infrastrukturadan başga-da, täze okuw binalarynda elektron bilim serişdeleri, sanly bilim portallary, elektron kitaphanalar, uzak aralykdan okatmagyň mümkinçilikleri giňden ulanylýar. 

Şeýlelikde, ähli raýatlar üçin deň mümkinçiliklere esaslanýan bilim gurşawy kemala getirilýär diýlip, habarda bellenilýär.